16-nji martda Türkmenistanyň ilçihanasy Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Medeniýet instituty bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre gurady diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. Çärä Eýranyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet we yslam ugry ministrliginiň wekilleri, Medeni artefaktlaryň we ýadygärlikleriň Eýran assosiasiýasynyň wise-prezidenti Alireza Habibi, «АVА» halkara diplomatiýa žurnalynyň Tähran bölüminiň ýolbaşçysy, Eýranda Türkmen medeni merkeziniň ýolbaşçysy Ali Rahbar, ylmy intelligensiýanyň görnükli wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir