Londonyň Patyşalyk kollejiniň alymlary gözleg geçirip, onuň dowamynda garry adamlaryň ýadyny we kognitiw funksiýalaryny gowulandyrmagyň ýönekeý we elýeterli usulyny anykladylar. Bu barada Science Alert neşiri habar berýär. Gözleg prebiotikleriň – içegedäki peýdaly bakteriýalary iýmitlendirýän ýönekeý süýümleriň kabul edilmeginiň 12 hepdäniň dowamynda 65 ýaşdan uly adamlarda ýat we pikirleniş synaglarynyň netijelerini ep-esli gowulaşdyrýandygyny görkezdi. Tejribä 36 jübüt ekiz gatnaşdy. Ekizleriň biri gündelik kletçatkaly iýmit goşundysyny, beýlekisi plasebo kabul etdi. Gatnaşyjylaryň ählisi fiziki maşklar bilen meşgullanyp, belok goşundylaryny kabul etdiler. Üç aýdan soň synaglar prebiotikleri kabul edenleriň ýat we pikirleniş synaglarynda plasebo kabul edenlere garanyňda iki esse az ýalňyş goýberendiklerini görkezdi. Şeýle goşundynyň günlük paýynyň bahasy bary-ýogy 15 britan sentine barabar. “Bu arzan we görkezmesiz elýeterli bolan ösümlik süýümleri köp adama uly peýda getirip biler – diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri Kler Stiws belleýär. – Biziň indiki wezipämiz bu täsirleriň has uzak wagtlap we has köp adamlar toparynda saklanýandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamakdan ybarat”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir