Gorkuly we uruşly filmleriň muşdaklary açyk we köpçülik bilen gatnaşygy halaýan adamlar bolýarlar, ylmy-fantastik filmleri halaýan adamlar bolsa men-menlik häsiýetlerini görkezýärler. Bu barada Daily Mail Ispaniýanyň Lerida uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Jorjiýa uniwersitetiniň alymlarynyň gözleglerine salgylanyp habar berýär. Jorjiýa uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren gözlegine görä, özüni görkezmek we tanatmak zerurlygy bolan döredijilik adamlary köplenç ylmy-fantastiki filmleri saýlaýarlar. Mundan başga-da, bu žanryň muşdaklary men-menlik häsiýetlerini görkezip bilýärler. Jorjiýa uniwersitetiniň alymlarynyň pikiriçe, adamyň uruşly we gorky filmlerini halaýandygy onuň özüniň hem zalymdygyny aňlatmaýar. Olaryň gözlegleri, tersine, bu žanrlara bolan islegiň köplenç ekstrawersiýa (daşarky dünýä bilen gyzyklanmak), açyklyk we hoşniýetlilik bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Ispaniýaly alymlar gorky filmleriniň muşdaklarynyň habarlar gepleşiklerine känbir tomaşa etmeýändiklerini we ony «içgysgynç» hasaplaýandyklaryny kesgitlediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir