Nýu-Delini hem öz içine alýan Deli şäheriniň paýtagt etraplary dünýäniň iň hapa howaly paýtagty diýlip ykrar edildi we Hindistanyň Begusaraý şäheri bolsa iň hapalanan aglomerasiýa (şäher etekleri bolan şäher) diýlip yglan edildi. Press Trust of India habarlar gullugynyň habar berşi ýaly, Şweýsariýanyň IQAir guramasynyň alymlary soňky bir ýylda dünýädäki howanyň hilini seljerenden soň, bu netijelere geldi. «Deliniň PM2,5 derejesi 2022-nji ýylda her kub metr üçin 89,1 mikrogramdan 2023-nji ýylda 92,7 mikrogramma çenli ýaramazlaşdy» diýip, IQAir-de bellediler. Agzalan bölejikleriň howpsuz derejesi kub metr üçin 60 mikrogramdyr. Begusaraý barada aýdylanda bolsa, kub metr üçin PM2,5 konsentrasiýasy her kub metr üçin 118,9 mikrogram boldy. Aglomerasiýadaky howanyň ýagdaýy diňe soňky döwürde erbetleşdi, hatda ol 2022-nji ýyldaky sanawa girizilmändem. Gözlegçiler Hindistanyň paýtagtynyň 2018-nji ýyldan bäri dört gezek dünýäde iň hapa paýtagt diýlip ykrar edilendigini bellediler. Tutuş ýurduň özem eýýäm birnäçe gezekiň hapalanan ýurtlaryň sanawynda boldy. Häzirki wagtda ýurt kub metr üçin 54,4 mikrogram PM2,5 derejesi bilen üçünji orunda durýar (sanawda jemi 134 döwlet bar: anti-liderligi kub metr üçin 79,9 mikrogram görkeziji bilen Bangladeş eýeleýär, ondan soňra bolsa73,7 mikrogram bilen Pakistan gelýär), bir ýyl öň ol sekizinji bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir