Keramatly Patrik Irlandiýanyň howandary hasaplanýar. Bu keramatly adamyň hormatyna dünýäde iki müňden gowrak ybadathana guruldy, şolaryň esasysy 1192-nji ýylda gurlan Dublindäki Keramatly Patrik ybadathanasydyr. Keramatly Patrigiň güni her ýyl 17-nji martda bellenilip geçilýär, baýramçylygyň esasy nyşanlary bolsa üç ýaprakly ýorunja we leprekonlar – ýaşyl başgaply we deri öňlükli jadygöýlerdir. Baýramçylyk mynasybetli «Şemallaryň şäherindäki» derýa Keramatly Patrigiň gününiň esasy reňkine – ýaşyl reňke boýaldy. Munuň üçin suwa onlarça litr boýag guýuldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe adam bu zümerret reňkli derýany synlamaga geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir