19-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň ilçisi Ruben Harazýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda 2024-nji ýylda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan ýangyç-energetika toplumy we energetika pudagy bellenildi. Iki ýurduň täjirçilik gurluşlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we işewür toparlaryň özara saparlaryny guramaga aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle-de, ermeni tarapynyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çärelere gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir