19-njy martda Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde “Türki dünýäsinde Nowruz” ady bilen çäre we konsert programmasy geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Azerbaýjandan diplomatlar, şeýle-de Bişkekiň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyplar gatnaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ilçisi N.Golliýew çärede gutlag sözi bilen çykyş edip, ýurdumyzda Nowruz baýramynyň bellenilişi hem-de bu günlerde esasy çäreleriň Ahal welaýatyndaky “Nowruz ýaýlasynda” geçirilýändigi barada gürrüň berdi. Şeýle-de, myhmanlar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly möhüm halkara wakalary bilen tanyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir