Awstraliýadaky Sidneý uniwersitetiniň alymlary gündelik ýöremekligiň ýürek-damar keselleri we beýleki sebäpler bilen bagly ömür tanapynyň wagtyndan öň üzülmek howpuny ep-esli azaldyp biljekdigini anykladylar diýip, NewScientist neşiriniň materialynda aýdylýar. Geçirilen gözleg günde 9000 ädimden 10 000 ädime çenli ýöreýän adamlarda, 4000 ädimden az ýöreýänler bilen deňeşdirilende, ölmek howpunyň 39% pesdigini ýüze çykardy. 72 müň adamdan alnan maglumatlaryň seljermesi günde ädimleriň sanyny köpeltmegiň (hatda oturyp işlenilýän işlerde hem) ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny 21%, wagtyndan öň ölmek howpuny 39% azaldýandygyny görkezdi. Mundan başga-da, ädimleriň sany günde 2,2 müňden geçse hem ölüm howpy we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligi peselýär. Oňyn täsir eýýäm günde 4-4,5 müň ädim ýörelende hem äşgär bolýar. Gözlegçiler oturyp işlenýän işleriň wagtyny azaltmaga synanyşmagyň hem möhümdigini aýdýarlar. Sidneý uniwersitetiniň ilat saglygy ugry boýunça alymy Metýu Ahmadi: "Saglygy goraýyş ulgamynyň bu habary islendik fiziki işjeňligiň möhümdigi görkezýär we adamlar her gün ädimleriniň sanyny köpeltmek arkaly oturyp işlemekligiň saglyga ýetirýän zyýanynyň öwezini dolup bilerler" – diýdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir