TikTok sosial ulgamynyň eýesi bolan Hytaýyň ByteDance kompaniýasy iki oduň arasynda galdy. Hytaý häkimiýeti TikTok-yň Amerika satylmagyndan onuň bu ýurtda gadagan edilmegini has makul hasaplaýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, “The Wall Street Journal” habar berýär. 13-nji martda ABŞ-nyň Wekiller palatasy ýarym ýylyň içinde TikTok-yň ByteDance-den alynmagyny talap edýän kanun taslamasyny tassyklady. Bu şeýle edilmese, platforma ýurtda gadagan edilip bilner. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hem resminama gol çekjekdigini aýtdy. Öň, ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň öňki ýolbaşçysy, häzir Liberty Strategic Capital hususy maýa goýum kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Stiwen Mnuçin maýadarlar konsorsiumyny ýygnap, TikTok-y satyn almaga taýýardygyny aýtdy. Şertnamanyň bahasy azyndan 100 mlrd dollar bolup biler. Şeýle-de bolsa, Pekin ABŞ-dan TikTok-a basyş etmegini bes etmegi talap edýär we “Hytaýyň kanunlaryny hem düzgünlerini berk berjaý etmegiň” zerurlygyny belleýär. ByteDance muňa sosial ulgamy satmaga synanyşyk eden ýagdaýynda Pekin tarapyndan päsgelçilikleriň boljakdygy baradaky duýduryş hökmünde garaýar. Hytaý TikTok-y duýgur tehnologiýalara degişli edýär diýip, CNN belleýär. Pekin bilen ByteDance sosial ulgamy hiç haçan başlangyç kodly satmaga razy bolmasalar gerek. “Onsuz TikTok-y satyn almak bolsa, “Formula-1-iň” ulagyny hereketlendirijisiz satyn almak ýalydyr”. TikTok-yň ykbaly häzirlikçe näbelli. Ýöne ol ABŞ-da gadagan ediläýse, bu ByteDance üçin uly ýitgi bolar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda ABŞ-da TikTok-yň girdejisi, takmynan, 20 mlrd dollar boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir