18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow işewüriň bu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň ösüşiniň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklandy we ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmegiň, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türk işewürleriniň gatnaşyp biljekdigini aýtdy. Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtap, häzirki döwürde Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýändigini, onuň geljek okuw ýylynyň başynda — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir