Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz atlaryndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler. “Bu wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine, abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn. Siziň ukyp-başarnygyňyz we baý syýasy tejribäňiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hyzmat eder. Biziň ýurtlarymyzyň örän giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny, ysnyşykly özara hereketlerini aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr. Biz Türkmenistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we halklarymyzyň bähbidine ony mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, Prezidentiň hatynda bellenilýär. “Siz köp ýyllaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesinde ýadawsyz zähmet çekmek bilen, netijeli özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarsyňyz we ýurduňyzy ösüşiň täze sepgitlerine tarap alyp barýarsyňyz. Saýlawlaryň netijeleri Siziň alyp barýan köpugurly işiňize berlen ýokary baha bolup durýar hem-de Russiýanyň köpmilletli halky tarapyndan bildirilen uly ynamy görkezýär. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde Siziň şahsy goşandyňyzy belläp geçmegi zerur hasaplaýaryn. Geljek ýyllarda hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak ruhunda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hatynda belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir