Apple kompaniýasy App Store-yň web nusgasynda Apple Vision Pro garyşyk hakykat enjamynyň işleýän operasion ulgamy bolan VisionOS üçin amaly programmalary we oýunlary öz içine alýan täze bölüm açdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär. Bölüm Apple Vision Pro enjamyny satyn aljaklaryň söwdadan öň enjama hödürlenýän programmalar bilen tanyşmaklary üçin döredildi. Ozal Vision Pro üçin programmalary we oýunlary diňe App Store-iň enjamyň özi üçin niýetlenen nusgasynda görüp bolýardy. Täze bölümi açmak üçin App Store web sahypasyna girip, «Apple Vision Pro üçin» düwmesine basmaly. Açylýan sahypada ulanyjy programmalar we oýunlar rubrikalaryny, şeýle hem Apple Arcade-iň taslamalary üçin aýratyn bölümi görer. Sahypada programmalar App Store-yň enjam üçin niýetlenen nusgasyndaky ýaly toparlara bölünýär. Ýagny, saýtda «Täzelikler», «Şu hepdedäki täzelikler», «iPhone, iPad we Vision Pro üçin oýunlar» we «Elden gidirmäň» bölümlerini tapyp bilersiňiz. Şeýle hem «Howa», «Hyzmatlar», «Güýmenje», «Sport», «Öndürijilik» we beýleki bölümler boýunça programmalara göz aýlamak mümkindir. Vision Pro Apple-iň 2024-nji ýylyň fewral aýynda çykan ilkinji MR enjamy. Häzirki wagtda täze önüm diňe ABŞ-da 3,5 müň dollara satylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir