ABŞ-daky jemgyýetçilik kitaphanalarynyň birinde adaty bolmadyk aksiýa başlady. Ol «Mart mýawlamasy» diýlip atlandyryldy. Çäräni Wuster (Massaçusets ştaty) kitaphanasy geçirýär. Onuň maksady kitaplary wagtynda yzyna gaýtarmadyk okyjylary getirmek. Mart aýynda kitap ýitiren ýa-da oňa zeper ýetiren islendik okyjy kitaphananyň işgärine pişigiň suratyny görkezip biler. Munuň üçin onuň "ýazygy" bagyşlanar. Bu ýagdaýda pişikleriň islendik şekilleri ýerliklidir – diňe bir fotosuratlar däl, eýsem, çekilen suratlar hem bolar. Kitaphana myhmanlar tarapyndan getirilen öý haýwanlarynyň suratlaryny sosial ulgamlarda paýlaşar. Ýeri gelende bellesek, bu kitaphananyň öý haýwanlary bilen baglanyşykly ilkinji çäresi däl. Haýwanlar gonalgasy bilen bilelikde kitaphanada stressi azaltmak üçin pişikler bilen duşuşyklar guralýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir