Mejlisiň deputatlary Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak üçin zerur bolan Türkmenistanyň daşary söwdasynyň tertibi barada Ähtnamanyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşýarlar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Ähtnamany işläp taýýarlamak boýunça Iş topary döredildi. BSG-e goşulmaga taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistan Aziýanyň Ösüş bankyndan, BSG-niň öz işgärlerinden we beýleki guramalaryň işgärleri tarapyndan tehniki goldawy alýar. Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylda Türkmenistana BSG-de synçy statusy, 2022-nji ýylda bolsa goşulýan ýurt statusy berildi. BSG-e goşulmak içerki reformalary geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge, Türkmenistanyň daşary söwdada ornuny berkitmäge ýardam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir