19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutany öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady diýip, TDH habar berýär. "Siziň bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady we pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasyna öz Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Russiýanyň halkyna bolsa, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini kanagatlanma bilen bellediler. Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, rus kärdeşine Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlygyny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir