Netflix “Kalmar we kit” hem-de “Nika hekaýaty” filmleri bilen belli bolan Noa Baumbahyň täze filminiň surata düşürilýändigini anons etdi. Taslamanyň aktýorlar düzümine belli ýyldyzlar Adam Sendler we Jorj Kluni girdi. Şeýle-de, filmde Lora Dern, Billi Krudap, Greta Gerwig, Patrik Wilson, Jim Brodbent, Lars Aýdinger, Alba Rorwaher, Emili Mortimer (ssenariýanyň awtordaşy) we beýlekiler çykyş eder. Sýužet barada jikme-jik maglumatlar gizlin saklanýar, ýöne söhbetdeşlikleriň birinde režissýor munuň “ulularyň ulalyşy barada gyzykly we duýguly film” boljakdygyny aýtdy. Belläp geçsek, Baumbah bilen Gerwig ýakynda “Barbi” filminiň ssenariýasy üçin “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Netflix-iň täze taslamasy Baumbahyň filmografiýasynda 10-unjy film bolar. Reliziň senesi heniz belli däl.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir