Apple TV+ ABŞ-ny esaslandyryjy atalaryň biri bolan Benjamin Franklin hakynda “Franklin” atly gysga göwrümli filmleriň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu amerikaly syýasatçynyň, diplomatyň, oýlap tapyjynyň, alymyň, filosofyň, ýazyjynyň we massonyň portreti ýüz dollarlyk kagyz puluň ýüzünde şekillendirilendir. Sekiz bölümden ybarat bolan serialda baş keşbi “Oskar” we “Emmi” baýraklarynyň ýeňijisi Maýkl Duglas ýerine ýetirdi. "Frankliniň" sýužeti 1778-nji ýylda ýaýbaňlanýar, şonda Frankline fransuz hökümetini amerikan-fransuz şertnamasyna gol çekmäge yrmak başardypdy. Bu resminama arkaly ABŞ ilkinji gezek garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilipdi, bu soňlugy bilen Fransiýadyr Beýik Britaniýanyň arasynda urşuň turmagyna getirdi. Filmde Noa Jup, Lýudiwin Sanýe, Eddi Marsan we beýleki artistler hem oýnaýarlar. Bu serial Steýsi Şiffiň “Uly improwizasiýa: Franklin, Fransiýa we Amerikanyň dünýä inişi” atly kitabyna esaslanýar. Sekiz bölümiň hemmesine Tim Wan Petten režissýorlyk etdi (“Tagtlaryň oýny”). “Franklin” 12-nji aprelde Apple TV+ akym hyzmatynda ilkinji gezek görkeziler. Benjamin Franklin - Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyz döwlet hökmünde emele gelmeginiň esasynda ýatýan iň möhüm taryhy resminamalaryň üçüsine: Garaşsyzlyk Jarnamasyna, Konstitusiýa we 1783-nji ýylyň Wersal şertnamasyna (şeýle-de, Parižiň Ikinji parahatçylyk şertnamasy hem diýilýär) gol çeken ABŞ-nyň ýeke-täk esaslandyryjysy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir