Gepatit C çaga heniz enesiniň göwresindekä ýa-da üç ýaşaýança ýokuşsa, onuň bejergisi olaryň durmuşyny ep-esli gowulandyryp, saglyk üçin çykdajylaryny azaldar. Amerikaly alymlar şeýle netijä geldiler, olaryň gözlegleri JAMA Pediatrics-da neşir edildi. Mundan başga-da, çagalygyndan bejergä başlamak keseliň beterleşmeginiň öňüni alar we sagalyp gitmek mümkinçiligini artdyrar. Irki çagalyk döwründe bejergä başlaýanlaryň doly sagalmak mümkinçiligi has ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, irki bejerginiň bu artykmaçlyklaryna garamazdan, ýaş çagalar üçin wirusa garşy dermanlaryň elýeterliligi çäkli bolmagynda galýar. Munuň sebäbi dermanlaryň gymmatlygy we uzak möhletli netijeliliginiň subutnamalarynyň çäklidigi bilen baglanyşyklydyr. Massaçusets hassahanasynyň gözlegçileri perinatal döwürde C gepatiti ýokaşan adamlaryň saglyk çykdajylaryny gözden geçirdiler. Olar sirrozyň bejergisiz ösüşiniň ortaça dowamlylygynyň 35 ýaşdygyny anykladylar. Şonda medisina hyzmatlary üçin çykarylýan ortaça çykdajylar, bejerginiň başlanýan ýaşyna baglylykda, 148 162 dollardan 279 252 dollar aralygynda üýtgeýär. Modelirleme 3 ýaşly çagalara bejerginiň arzan düşüp, iň gowy netijeleri berýändigini görkezdi. Bu shema ömrüň dowamlylygyny 2, 26 ýyl – 78, 36 ýaşa çenli artdyrýar. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda 57,8 million adam C gepatitinden ejir çekdi we takmynan, 287,7 müň adam ýogaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir