Meksikan pesosy 2024-nji ýylda dünýäde iň girdejili pul birligi diýlip yglan edildi. ol pul birlikleriniň hakyky täsirli alyş-çalyş hümmeti boýunça sanawda birinji orunda durýar diýip, bu sanawy düzen Bloomberg agentligi ýazýar. 2023-nji ýylda dollara görä takmynan 15 göterim ýokarlanan peso şu ýyl ABŞ-nyň walýutasyna görä hümmetini ýene 1,8 göterim ýokarlandyrdy we häzirki wagtda 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýakyn bolan bir dollar üçin 16,69 peso töweregi hümmete eýedir. Onuň ösüşiniň ýakyn aýlarda dowam etmegine garaşylýar. Maglumatda Meksikanyň pul birliginiň güýjüniň açarynyň pes üýtgewliligi we Meksikada rekord derejede ýokary göterim derejesiniň bolmagy diýlip bellenilýär, bu bolsa bir walýutada karz almagy we «kerri-treýd» diýlip atlandyrylýan pesoda karz bermegi özüne çekiji edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir