14-15-nji martda Seul şäherinde «Medical Korea 2024 - The 14th Global Healthcare and Medical Tourism» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Her ýyl geçirilýän lukmançylyk forumynyň bu gezekki mowzugy saglygy goraýyş we lukmançylyk syýahatçylygyna bagyşlandy. Maslahatyň işine dünýäniň dürli ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, alymlar hem-de bilermenler gatnaşdylar we bu ugurlarda bar bolan esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministriniň orunbasary Kim He-jin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Koreý lukmançylygynyň ösüş milli institutynyň (NIKOM) prezidenti Jong Çang Hýon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanda açylmagy meýilleşdirilýän Koreý adaty lukmançylygy merkeziniň döredilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler hem-de bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Kýonbuk Milli uniwersitetiniň Çhilgok hassahanasynyň professory Kim Won Hwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir