14-nji martda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow Özbegistanyň “Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty” milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar iki ýurduň ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyny we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda B.Mirzaýew özüniň ýolbaşçylyk edýän uniwersiteti barada gürrüň berip, halkara derejesinde gazanan üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir