Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew RF-niň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär. Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Şeýle hem taraplar şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini geçirmek babatda guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.Ilçi Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda halkara we döwlet derejesinde giň gerimli çäreleriň geçiriljekdigi barada habar berdi. Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew, Russiýanyň medeni we ynsanperwer ugurda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklamak üçin Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri O.B. Lýubimowanyň türkmen tarapynyň çakylygy boýunça 2024-nji ylyň 17-18-nji maýda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny belledi. Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleriniň Türkmenistanda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guralmagy babatda bolsa, A.Malyşew rus tarapynyň bu möhüm çäräniň meýilnamasyna aýdym-saz we tans toparlaryndan başga-da medeni ugurlar boýunça kinematograflaryň, kompozitorlaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, kitaphana we muzeý hünärmenleriniň duşuşyklaryny guramak teklibine aýratyn ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir