Gyrgyzystan 12 ýyllyk mekdep bilimine geçmäge taýýarlanýar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär. Geçiş tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Şeýle-de, okuwçylaryň bilim maksatnamasy täzelener. “Gyrgyzystanda bilim ulgamy üýgetmelere mätäçlik çekýär, sebäbi köp jähtler Sowet döwründen bäri üýtgedilmedi we häzirki talaplara hem çagyryşlara laýyk gelmeýär. Bu okatmagyň könelişen usullaryny, maglumat tehnologiýalarynyň ýeterlik derejede ulanylmazlygyny öz içine alýar. 12 ýyllyk bilim modeli has ýokary hili, okuwçylaryň häzirkizaman hakykatlaryna taýýarlygyny we olaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder” – diýlip, administrasiýa belleýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir