Motorola kompaniýasy ABŞ-da we Kanadada geçen ýylky Moto G Power modeliniň ornuny tutýan täze arzan Moto G Power 5G smartfonyny tanyşdyrdy. Moto G Power 5G «o» şekilli perforasiýaly 6,7 dýuýmlyk IPS panel bilen üpjün edilendir. Ekran FHD+ durulyga, 120 Gs täzeleniş tizligine, 391 ppi piksel dykyzlygyna eýedir we korpus bilen ýüz meýdanynyň gatnaşygy 85%. Enjamyň ölçegleri 167,22-e 76,44-e 8,5 mm, agramy 201 gram. Ol suwdan goraýan gurluşa we arkasynda wegan deriden korpusa eýedir. Moto G Power 5G-iň arka tarapynda OIS goldawy bilen 50 megapikselli esasy kamera we 118 dereje görüş meýdany bolan 8 megapikselli ultra giň burçly obýektiw bar. Selfi almak üçin enjam 16 megapikselli kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Smartfonyň işleýşine Dimensity 7020 prosessory jogapkärdir. Bu çip 8 GB operatiw ýat we 128 GB goşmaça ýat bilen sazlaşýar. MicroSD ýat kartalary üçin hem ýer bar. Enjam Android 14 bilen bilelikde gelýär. Täze enjamda goşa SIM kart üçin bölüm we eSIM goldawy, 5G, Wi-Fi 802.11ac, Bluetooth 5.3, NFC, USB-C porty, gapdalda oturdylan barmak yz skaneri, 3,5 mm ses bölümi we iki dinamik ýaly başga mümkinçilikler hem bar. ABŞ-da Moto G Power 5G 2024-nji ýylyň 29-njy martyndan başlap, 299 dollara satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir