Şu gün. 16-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde gatnaşdy diýip, TDH habar berýär. Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahallary oturdylar. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň, welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir