Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurduň gerbini üýtgetmegi teklip etdi diýip, Orda.kz habar berýär. Respublikanyň baştutany döwlet baýdagyny “stil taýdan birkemsiz” diýip atlandyrdy, ýurduň gimni bolsa, onuň pikirine görä, gazagystanlylaryň “gymmatlyklaryny we ruhuny gysbylyk bilen özüne siňdiripdir”. Ol: “Döwlet gerbi babatynda hünärmenleriň esaslandyrylan delillerini, gyzyklanýan raýatlaryň, şol sanda, ýaşlaryň hem pikirlerini göz öňünde tutmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn, Gazagystanyň gerbini duýmak gaty kyn, onda eklektizm we sowet eýýamynyň alamatlary bar " - diýdi. Tokaýew gerbi üýtgetmek meselesine “ähli jähtden” seretjek we köpçülikleýin pikir alyşmalary geçirjek ýörite iş toparyny döretmegi teklip etdi. Soňra bolsa, onuň sözlerine görä, Gazagystanyň täze gerbiniň iň gowy eskizini döretmek boýunça açyk bäsdeşligi yglan etmeli. Gazagystanyň döwlet gerbi 1992-nji ýylda respublikanyň garaşsyzlygy yglan edilenden soň resmi taýdan kabul edilipdi. Onuň awtorlary - arhitektor Žandarbek Malibekow we Şot-Aman Ualihanow.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir