Amerikan tehnologiýa kompaniýasy Cerebras emeli aň ulgamlary bilen işlemek üçin niýetlenen dünýäde iň uly kompýuter çibiniň – Wafer Scale Engine 3 (WSE-3) prosessorynyň döredilendigini habar berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda bellenilýär. Gurluş 900 müň ýadrony öz içine alyp, 21,5 santimetr tarapy bolan inedördül kremniý plastinadan ybaratdyr. Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, WSE-3-de 4 trln tranzistor bar. Deňeşdirmek üçin, häzirki wagtda emeli aň modellerini türgenleşdirmek üçin ulanylýan iň kuwwatly çipleriň biri Nvidia H200 grafiki prosessory (GPU) hasaplanýar. Onda bary-ýogy 80 mlrd tranzistor bar, bu bolsa Cerebras-yň çibiniňkiden 57 esse azdyr. WSE-3-i taslanylýan Condor Galaxy 3 superkompýuterinde ulanmak meýilleşdirilýär. Ulgamyň garaşylýan hasaplaýyş güýji sekiz eksaflops bolar, Condor Galaxy 1 we Condor Galaxy 2 bilen bilelikde bolsa ulgamyň öndürijiligi 16 eksaflopsa ýetmeli. Deňeşdirmek üçin, häzirki günde ABŞ-nyň Ok-Rij şäheriniň Milli barlaghanasyndaky iň kuwwatly superkompýuter Frontier, takmynan, 1 eksaflops güýji emele getirýär. Kompaniýa Condor Galaxy 3-i OpenAI-iň GPT-4-ünden we Google-yň Gemini-sinden 10 esse güýçli boljak geljekki emeli aň ulgamlaryny türgenleşdirmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir