Pol Tomas Andersonyň heniz ady bolmadyk indiki filmi 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda amerikan prokatyna çykar. Baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmegindäki film režissýoryň karýerasynda IMAX formatynda görkeziljek ilkinji film bolar. Bu barada Warner Bros.-a salgylanyp, IndieWire habar berýär. Filme Di Kapriodan başga-da, Şon Penn, Rejina Holl, Alana Haim we Teýýana Teýlor gatnaşdy. Häzirki wagtda Kaliforniýada surata düşüriş işleri dowam edýär. Filmiň sýužeti barada maglumatlar gizlin saklanýar. Gürrüňlere görä, film Tomas Pinçonyň “Waýnlend” romanynyň ekranlaşdyrylmasy bolup biler. Kartinanyň býujeti 115 mln dollara barabar. Bu Di Kaprionyň häzirkizaman kinosynda esasy nusgawy režissýorlaryň biri bolan Anderson bilen ilkinji hyzmatdaşlygydyr. Anderson Wenesiýa kinofestiwalynyň Kümüş ýolbarsynyň, Kann kinofestiwalynyň režissýorlyk baýragynyň hem-de Berlinalede Altyn we Kümüş aýylaryň eýesidir. Onuň üç filmi – “There Will Be Blood” (2007), “The Master” (2012) we “Inherent Vice” (2014) BBC-niň wersiýasyna görä XXI asyryň iň beýik 100 filminiň sanawyna girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir