Meşhur Golliwud aktýory Arnold Şwarsenegger “Haltaly adam” (The Man With The Bag) Roždestwo komediýasynda baş keşbi ýerine ýetirer. Film Amazon we MGM studiýalarynyň bilelikdäki taslamasy bolar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Şwarsenegger Roždestwonyň öňüsyrasynda öz haltasyny ýitirýän Santa-Klausy oýnar. Baýramçylygy halas etmek üçin, ol ogry Wens (Alan Riçson), onuň gyzy we elfler topary bilen birleşer. Filmiň režissýory “Saç üçin lak” filmi bilen belli bolan Adam Şenkman bolar. Geçen ýyl Şwarsenegger “Arnold” dokumental filminiň gahrymany boldy we “Fubar” serialynda surata düşdi (ikisi-de Netflix-de çykdy). “Haltaly adam” filminiň çykjak senesi heniz habar berilmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir