Daniýaly alymlar gözleg-halas ediş işleri wagtynda barmasy kyn ýerlerde diri galanlary gözläp bilýän ýylan roboty döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Günorta Daniýa uniwersitetiniň (SDU) alymlary tarapyndan döredilen bu enjam ýylanlaryň dar ýerlerde hereket etmekde ulanýan göni çyzykly lokomosiýa usulyny ulanýar. Robot origami stilinde ýasalan, ol aşa ýokary molekulýar agramly polietilen (UHMWPE) ýaly, ýeňil kompozit dokma önümlerinden we segmentleriň içindäki haltajyklara gezekli-gezegine howa geçirýän silikon şlangdan ybarat. Bu halta yzygiderli giňäp-gysylmak bilen, roboty öňe hereket etdirýär. Işläp düzüjileriň ýolbaşçylary - aspirant Burçu Seýidoglunyň we professor Ahmad Rafsanjaniniň sözlerine görä, robot beýleki özüne meňzeşlere garanyňda, birnäçe artykmaçlyga eýe: has ýeňil, öndürmek arzan düşýär we onuň ýumşak, çeýe bedeni dar ýerlere sümülmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda alymlar roboty awtonom etmek, şeýle hem tizligini we aýlanyş-öwrüliş ukybyny ýokarlandyrmak üçin iş alyp barýarlar. Geljekde ýylan robot betbagtçylyk bolan ýerlerde harabalygyň astynda galan adamlary gözlemekde peýdalanylyp bilner. Şeýle hem ony beýleki planetalary öwrenmekde ulanmak teklip edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir