Hytaý we Russiýa 2033-2035-nji ýyla çenli Aýa ýadro energiýa enjamyny ibermegi we onuň üstünde işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bu wezipäni robot tehniki serişdelerini ulanyp, awtomatiki usulda, Ýeriň emeli hemrasyna adam ibermezden ýerine ýetirmek isleýärler. Munuň üçin zerur tehnologiýalaryň hemmesi eýýäm bar diýip, “Roskosmosyň” başlygy Ýuriý Borisowyň sözlerine salgylanýan TASS ýazýar. Ýadro reaktory, Gün panelleri bilen deňeşdirilende, has ygtybarly we güýçli energiýa çeşmesine öwrüler. Ol geljekde Aýda boljak bazany energiýa bilen üpjün etmekde zerur bolar. Häzirki wagta çenli Russiýanyň hem, Hytaýyň hem pilotirlenýän Aý missiýalaryny amala aşyrmandygyny bellemelidiris. Hytaý “Çan'e” Aý maksatnamasyny 2013-nji ýyldan bäri durmuşa geçirip gelýär. Bu maksatnamanyň çäginde Aýa eýýäm birnäçe apparat, şol sanda rowerli gonuş moduly iberildi. Russiýa 2023-nji ýylyň awgust aýynda “Luna 25” apparatyny gondurmaga synanyşdy, emma missiýa şowsuzlyga uçrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir