Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň pikiriçe, emeli aň 2025-nji ýylda aň taýdan islendik adamdan öňe geçip biler, 2029-njy ýyla çenli bolsa emeli aň tutuş adamzatdan has akylly bolar. Bu pikiri Mask amerikaly futurolog Reýmond Kursweýliň garaýşyna teswir hökmünde aýtdy. Alymyň garaýşy boýunça, emeli aňyň ösüş derejesi 2029-njy ýyla çenli islendik adamyň aňy bilen deňleşip biler. “Emeli aň geljek ýyl islendik adamdan akylly bolup biler. 2029-njy ýyla çenli bolsa emeli aň, ähtimal, tutuş adamzady bilelikde alanyňda hem akylly bolar” – diýip, Mask X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Mask emeli aň tehnologiýalarynyň ösüş tizliginden heder edip, emeli aňy adamzadyň barlygy üçin potensial howp hasaplady. Mask ýokary depginde ösýän tehnologiýany hem zyýanly, hem peýdaly işler üçin ulanyp boljak “iki ýüzli gylyç” bilen deňeşdirdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir