Arheologlar Ankaranyň 60 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Býüklükaleden tapylan 3300 ýyllyk toýun tagtajygyň syryny açmagy başardylar. Arkeonews-yň ýazmagyna görä, bu tagtajykda bürünç asyrynyň syrly döwleti bolan Hett imperiýasyndaky unudylan söweşi görkezýän hett we hurrit dillerinde ýazylan ýazgylar bar. Hett ýazgysynda raýat urşy döwründe şol imperiýanyň dört şäherine weýrançylykly çozuşyň başy beýan edilýär we hurrit ýazgysy hurrit ýyldyrym taňrysy Teşuba (Tişub-Tark hem diýilýär) gönükdirilen ýeňiş üçin doga. Doga hudaýy we ylahy ata-babalary şöhratlandyrýar, taňrylar bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň meseleli taraplary birnäçe gezek ýatlanylýar. Şeýle hem, duşmanlaryň şalarydyr diýip çaklanylýan birnäçe adamyň ady agzalýar, ahyrda bolsa ylahy maslahat soramak bilen tamamlanýar. Londonyň Uniwersitet kollejiniň gadymy ýakyn gündogar dilleriniň dosenti Mark Widen gadymy teksti terjime etmegi başardy. “Hurrit tagtajygynyň tapylmagy Büklükaledäki dini däp-dessuryň Hett şasy tarapyndan ýerine ýetirilendigini aňladýar. Bu, iň bolmanda, Hett şasynyň Büklükale gelip, däp-dessury ýerine ýetirendigini aňladýar "- diýip, tapyndylaryň awtory, Ýaponiýanyň Anadolu arheologiýasy institutynyň arheology Kimiýosi Masumura çak edýär. Büklükale hettleriň paýtagty Hattusa şäheri bilen deň hatarda onuň iri şäheri we şa rezidensiýasy bolan bolmagy ähtimal. Tagtajykda hettleriň şasy Tudhalia II (b.e. öňki 1380-1370 ýyllar) - Hett imperiýasynyň dargamagyndan, takmynan, 200 ýyl ozalky sene goýlan. Hett imperiýasy b.e.öňki XII asyryň başynda ýitip gidipdir. Bu Ortaýer deňziniň töweregindäki köp gadymy siwilizasiýalardaky başly-baratlyk sebäpli giçki bürünç asyrynyň synmagyna gabat geldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir