14-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler. Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hem-de olara gatnaşmak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir