Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Bierhof ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýar. 14-nji martda ol Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri we olaryň mundan beýläkki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini bellemek bilen, bu ugurda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german toparynyň, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uly ähmiýetini nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçisine türkmen-nemes gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir