14-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Panamanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rolando Enrike Barrow Noaddan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi we türkmen tarapynyň ilçiniň diplomatik işini alyp barmakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seljerme berildi. Diplomatlar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginiň zerurdygyny bellediler. Ulag we logistika, himiýa senagaty, senagat, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudaklary hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm orna eýe bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň meselelerine hem seretdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir