LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno Fransiýanyň iň ýokary döwlet baýragy - "Uly haçyň" kawaleri derejesinde Hormat legionynyň ordeni bilen sylaglandy. Dabara 13-nji martda Ýeliseý köşgünde geçirildi. Baýragy milliardere respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron gowşurdy. Bu barada BFMTV teleýaýlymy habar berýär. Arnonyň sylaglanmagy onuň Fransiýanyň öňünde bitiren ajaýyp hyzmatlarynyň ykrar edilmesi boldy. Ol müňlerçe iş ornuny döretmek we Fransiýany dünýäniň gözellik pudagynda liderleriň birine öwürmek bilen, fransuz ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşdy. Bloomberg Billionaries Index-e görä, häzirki wagtda Bernar Arno dünýäde iň baý adamdyr. Onuň baýlygy 205 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Onuň yzyndan Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos ($199 mlrd) we Tesla-nyň hem X sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask ($184 mlrd) gelýär. Hormat legionynyň ordeni Fransiýada 1802-nji ýylda Napoleon Bonapart tarapyndan döredilen iň ýokary döwlet baýragydyr. Ordeniň bäş derejesi bar: kawaler, ofiser, komandor, beýik ofiser we Uly haçyň kawaleri.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir