Awstraliýada 1912-nji ýylda suwuň düýbüne giden “Titanigiň” dizaýnyny gaýtalajak kruiz gämisi gurlar. Gäminiň nusgasy ilkinji gatnawyny asyl “Titanigiň” ýoly bilen amala aşyrar. Bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanyp, newdaynews.ru habar berýär. Taslamany awstraliýaly milliarder Kliw Palmer maliýeleşdirer. Öň, ol täze “Titanigi” gurmak baradaky pikirini 2012-nji we 2018-nji ýyllarda-da aýdypdy, ýöne taslama serişdeleriň ýetmezçiligi we koronawirus pandemiýasy sebäpli durmuşa geçirilmedi. Bu gezek işewür gämini gurmak üçin puluň ýeterlikdigine ynandyrýar. Taslama 1 mlrd funt sterling bilen bahalandyrylýar. Gämini gurmak bilen Palmeriň Blue Star Line kompaniýasy meşgullanar. Onuň daşky dizaýny doly göçürme bolar, tehniki düzüjiler bolsa döwrebap tendensiýalara laýyk getiriler. Agramy bilen 56 000 tonna suwy gysyp çykarýan dokuz palubaly gämi iň täze nawigasiýa we howpsuzlyk ulgamlary bilen üpjün ediler. Milliarder “Titanigi” 2027-nji ýylda suwa goýbermegi meýilleşdirýär. Gämi ilkinji gatnawynda asyl gäminiň syýahatyny gaýtalap, Sautgemptondan Nýu-Ýorka ugrar. Ýatlap geçsek, “Titanik” 1912-nji ýylyň 15-nji apreline geçilen gije aýsberg bilen çaknyşdy. Takmynan, 1,5 müň adam bu heläkçiligiň pidasy boldy, 712 ýolagça we ekipažyň agzalaryna halas bolmak başartdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir