Geçen hepde Arktikada gijeki asmanda hatda ýiti polýar şöhlelenmesiniň öňüni tutan uly ak ýagtylygyň girdaby göründi. Bu barada “Haýtek” neşiri ýazýar. Galaktikanyň şekilindäki ýagtylyk Transport-10 missiýasy ýerine ýetirilenden soň, SpaceX-iň raketasy tarapyndan kosmosa taşlanan doňan ýangyjyň esasynda ýagtylyk saçýan bulut eken. 4-nji martda Falcon 9 raketasy 53 hemrany orbita çykardy. Köp gezeklik tizleşdirijiden aýrylandan soň, raketanyň ikinji basgançagy orbitadan çykyp başlady we soňrak Barens deňziniň üstündäki atmosferada ýandy. Bu hereketiň dowamynda aýlanýan raketa galan ýangyjyny kosmosa goýberdi. Ol doňup, spiral boýunça ýaýran we Gün şöhlesini Ýere serpikdiren ownujak kristallara öwrüldi. Netijede, uly ýagty saçýan girdap emele geldi. Astronomlar bu seýrek hadysany “SpaceX-iň spiraly” diýip atlandyrdylar. Geljekde ol ýygy-ýygydan peýda bolar, sebäbi kompaniýa has köp raketa uçurmagy meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir