14-nji martda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we dermanlyk ösümliklerden işlenip taýýarlanan önümlere bagyşlanyp sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilen “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkeziniň ylmy-önümçilik bölümleriniň hem-de uniwersitetiň Umumy we amaly biologiýa institutynyň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. Uniwersitetiň gerbariý gaznasynda eýýäm 100 ýyldan hem köp wagt bäri saklanyp gelýän ösümlikler gory sergä gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Sergi şol bir wagtyň özünde sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň ählisine göni ýaýlymda görkezildi. Halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy, biotehnologiýanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly dermanlyk häsiýetli önümleri öndürmek hem-de olary gorap saklamak, dermanlyk ösümlikleriň bioykdysady ähmiýetini öwrenmek ýaly möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Esasy mejlis tamamlanandan soň maslahatyň işi “Dermanlyk ösümlikleriň bioekologiýasy”, “Dermanlyk ösümlikleriň biotehnologiýasy”, “Dermanlyk ösümlikleriň bioykdysadyýeti” atly 3 sany bölümde dowam etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir