14-nji martda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynda ýakynda ýurdumyzda geçirilen möhüm Hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy habar berdi. Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar gaznasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň ösüşi üçin öňde goýlan maksatlar bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň ilçisi çärä gatnaşyjylary ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Şeýle hem, ilçihananyň diplomatlary Türkmenistanyň hökümetiniň türkmen ýaşlary hakynda edilýän aladalar barada aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem, tegelek stola gatnaşyjylar «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde 2024-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletli wezipeleri bilen tanyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir