Täze ulagyň (ýönekeý gepleşik dilinde aýdylanda “paket maşynyň”) rulunda oturmak duýgusy bu diýseň üýtgeşik duýgy. Zawoddan “ýagy bilen” çykyp gelen ulagyň ysy hem üýtgeşik bolýar. Hyundai kompaniýasynyň Aşgabatdaky resmi distribýutory türkmenistanly awtoulag muşdaklaryny bu üýtgeşik duýgyny başdan geçirmek üçin iň täze modellerini janly görnüşde synlamaga, olaryň tehniki häsiýetnamalary, içiniň görnüşi bilen has ýakyndan tanyşmaga çagyrýar. Aşgabatda G.Kuliýew köçesiniň (Obýezdnoý) ugrunda ýerleşýän merkezde Hyundai kysymly täze awtomobilleriň dürli modelleri bar. Islendik adam bu ýere gelip, zawodda çykan täze awtoulaglara baha berip biler. Aşgabatdaky Hyundai merkezinden kompaniýanyň Elantra, Sonata, Tucson, Santa Fe, Palisade, Staria ýaly dürli modellerini görüp, satyn alyp bolýar. Hyundai merkezi aýratyn hem Palisade we Staria modellerine Siziň ünsüňizi çekýär. Täze çykan bu modeller iş hem maşgala üçin niýetlenen bolup, dünýäde özüni aldyrmagy başardy. Hyundai Palisade krossoweri ilkinji gezek 2018-nji ýylda tanyşdyryldy. Ol Grand Santa Fe modeliniň ornuna çykyp başlap, öňki modelden has uly göwrümlidir. Palisade modelde 7-8 oturgyç bolýar. Onuň uzynlygy 5 metr (4995 mm), ini bolsa 2 metre (1975 mm) ýetýär. 4 tekeri hem hereketli (4WD). Tizligi geçiriji karobkasy – awtomat. Maksimal kuwwaty – 277 at güýji. Palisade sagatda 100 km tizlige 8,1 sekuntda çykýar. Benziniň ortaça sarp edilişi 100 km-e 0,6 litr. Hereketlendirijiniň göwrümi 2,2 dizel we 3,5 benzin. Hyundai Staria miniweni ilkinji gezek 2021-nji ýylda çykaryldy. Staria ady “star” (ýyldyz) iňlis sözünden gelip çykan. Staria modeliniň maksimal kuwwaty 249 at güýjüne barabar. Tizligi geçiriji karobkasy – awtomat. Orun sany – 7-9. Sagatda 100 km tizlige 8,9 sekuntda ýetýär. Ortaça ýangyç sarp edişi 8,2 litr. Herekete getiriji ulgamy öňki we doly (FWD, 4WD). Hyundai kompaniýasynyň ýurdumyzdaky resmi distribýutory bolan «Mertlik Ruhy» hojalyk jemgyýeti awtomobilleriň ählisine zawod tarapyndan 5 ýyl ýa-da 100 000 km kepillik berýär. Bu diýildigi, gönüden-göni Hyundai zawody bilen aragatnaşyk saklamak bilen, ýurdumyzdaky Hyundai merkezi awtoulag sürüjilerine islendik sorag ýüze çykanda ýakyndan ýardam etmäge taýýar. Hyundai merkezinde awtomobilleriň satuwy bilen birlikde, awtoulaglara tehniki ideg hyzmatlary hem amala aşyrylýar. Tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, 58. Habarlaşmak üçin: +99312 75-44-85 +99371 34-76-17 Instagram: hyundai.turkmenistan TmCars Biznes: Mertlik Ruhy HJ

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir