Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine 28 ýolagça niýetlenen «Toyota Coaster» kysymly awtoulaglaryň 170 sanysy hem-de 13 ýolagça niýetlenen «Toyota Hiace» kysymly awtoulaglaryň 20 sanysy sowgat hökmünde gowşuryldy. Awtoulaglaryň ählisi hem 2023-nji ýylda Ýaponiýada öndürildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Täze ýolagçy awtoulaglary etraplardan Türkmenabat şäherine gelýän ýolagçylara, şeýle hem şäherýaka ilatly ýerleriň ýaşaýjylaryna hyzmat eder. Şonuň bilen birlikde welaýata gelip gowşan täze awtoulaglar edara-kärhanalardan hem-de raýatlardan kabul edilen buýurmalar esasynda gatnawlary amala aşyrar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir