14-nji martda Dubaýda (BAE) Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Milli ýygyndylaryň ikisi hem bu duşuşyga saýlama tapgyryň oýunlaryna taýýarlyk hökmünde garaýarlar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Türkmenistan Dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyrynda Eýranyň milli ýygyndysy bilen (21-nji martda Tähranda we 26-njy martda Aşgabatda), Gazagystan bolsa, Ýewropa çempionaty-2024-de pleý-off tapgyrynda Gresiýa bilen (21-nji martda Afinyda) duşuşar. Türkmenistan FIFA-nyň reýtinginde 141-nji orny, Gazagystan - 100-nji orny eýeleýär. Öň, toparlar öz aralarynda 3 gezek duşuşdylar: 1992-nji ýylda geçirilen duşuşyk Gazagystanyň peýdasyna 1:0 tamamlandy, ýene iki duşuşyk deňme-deň boldy (1:1 1992-nji ýylda we 0:0 1994-nji ýylda). Dördünji duşuşyk toparlaryň ikisiniň hem ylalaşygy bilen ýapyk tertipde geçiriler. BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Türkmenistanyň ýygyndysynda 24 oýunda bar. Baş tälimçi - Mergen Orazow. BAE-de türgenleşikler 19-njy marta çenli dowam eder, soňra topar Tährana barar. Dünýä çempionaty - 2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan iki tapgyrdan soň "E" toparda üçünji orny eýeleýär. Ýatlatsak, birinji oýunda türkmen futbolçylary öz meýdançasynda Özbegistandan 1:3 utuldylar, myhmançylykda geçen ikinji oýunda Gonkong bilen 2:2 deňme-deň oýnadylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir