Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň Eýranyň toparyna garşy oýnuna taýýarlanyp başlady. Baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky futbolçylar 19-njy marta çenli dowam etjek türgenleşigi geçmek üçin Dubaýa geldiler. Soňra türkmen topary Tährana ugrar we 21-nji martda “Azadi” stadionynda Eýranyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Myhmançylykdaky duşuşykdan soň futbolçylar Aşgabada gelerler we garşydaş bilen öý oýnuna taýýarlanyp başlarlar. Oýun 26-njy martda “Aşgabat” stadionynda geçiriler we 20:00-da başlar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy E toparçada üçünji orny eýeleýär. Onuň hasabynda iki duşuşygyň jemi boýunça 1 utuk bar. Topar myhmançylykda Gonkong bilen deňme-deň oýnady (2:2), ýöne öý oýnunda Özbegistanyň ýygyndysyndan utuldy (1:3). Toparda lider 4 utuk bilen Eýran bolup, ol Özbegistandan goşmaça görkezijiler bilen öňde barýar. Gonkong dördünji orny eýeleýär. Eýran bilen iki oýundan soň türkmen futbolçylary 6-njy iýunda myhmançylykda Özbegistanyň milli toparyna garşy oýnar, 11-nji iýunda Gonkongyň milli ýygyndysyny kabul eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir