TikTok-y işläp düzüjiler TikTok Photos ady bilen suratlary paýlaşmak üçin sosial ulgamy çykarmaga taýýarlanýarlar. Täze serwis baradaky maglumat täzelenen TikTok programmasynyň kodunda peýda boldy diýip, TheSpAndroid portalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 33.8.4 wersiýaly TikTok programmasynda täze TikTok Photos serwisi barada ýatlanyp geçilýär. Onuň logotipi gysga wideolary paýlaşmak üçin niýetlenen asyl programma bilen birmeňzeş stilde, ýöne P harp görnüşinde ýerine ýetirilen. Şeýle-de, datamaýnerler sosial ulgamyň adyny we beýanyny, şeýle-de “TikTok Photos-y açmak” we “TikTok Photos arkaly paýlaşmak” funksiýalaryny tapdylar. Görnüşi ýaly, täze sosial ulgam Instagram-yň bäsdeşi bolar we Android hem iOS gurluşlary üçin elýeterli bolar. TikTok Photos-yň web-wersiýasynyň peýda boljakdygy belli däl. Täze sosial ulgamyň çykjak senesi-de aýan edilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir