Madridiň “Atletikosy” we Dortmundyň “Borussiýasy” UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalyna çykan soňky iki klub boldy. “Atletiko” 1/8 finalyň jogap oýnunda “Metropolitano” stadionynda Milanyň “Interini” utdy. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun “Interiň” peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlanypdy. Jogap oýnunda hasaby milanlylar açdy. 33-nji minutda Federiko Dimarko gol geçirdi. Ýöne tiz wagtdan Antuan Grizmannyň goly netijesinde “Atletiko” hasaby deňledi. Oýnuň ahyrynda, 87-nji minutda gollandiýaly Memfis Depaý italýan klubunyň derwezesine ýene bir topy girizip, oýny goşmaça wagta geçirdi. Penalti tapgyrynda madridliler has takyk hereket etdi, olaryň derwezebany Ýan Oblak iki urgyny yzyna gaýtardy, “Interiň” lideri Lautaro Martines bolsa asla nyşana düşüp bilmedi – 3:2. “Borussiýa” Dortmunddaky “Signal Iduna Park” stadionynda Eýndhowenden “PSW-ni” utdy. Nemes kluby eýýäm oýnuň başynda Jeýdon Sançonyň goly (3-nji minut) bilen hasaby açdy, ahyrky netijäni 95-nji minutda Marko Roýs kesgitledi – 2:0. Şeýlelik bilen, “Atletiko” bilen “Borussiýa” Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynda “Arsenala”, “Bawariýa”, “Barselona”, “Mançester Sitä”, “Reala” we “Pari Sen-Žermene” goşuldy. Ýaryşyň dörtden bir finalynyň, ýarym finalynyň we finalynyň bije çekişigi 15-nji martda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir