Futbol boýunça Çempionlar ligasynyň bije çekişligi indiki 2024-2025-nji möwsümde doly kompýuterleşdiriler we guramaçylara kömek etmek üçin emeli aň ulanylar. Meşhur Sky Sports neşiriniň çeşmesiniň habar bermegine görä, bu ilkinji nobatda, toparlaryň arasynda bije çekişlige täsir eder: birinji tapgyrda gibrid usulynda bije atylar: gatnaşmak üçin klublar el bilen saýlanýar, ýöne emeli aňyň kömegi bilen her topar üçin sekiz garşydaş saýlanar. Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň täze ýaryş formatynyň girizilmegi bilen baglanyşykly bu usula ýüz tutmak kararyna gelendigi habar berildi: doly elde bije çekmek üçin 900-den gowrak top gerek bolar we bu iş üç-dört sagat dowam edip biler. Ozal habar berlişi ýaly, 2024-2025-nji möwsümden başlap, Çempionlar ligasynda öňküsi ýaly 32 däl-de, 36 topar oýnar. Indi bu ýaryşda ähli klublar bir sanawda ýerleşip, garşydaşlary saýlamak üçin «şweýsar ulgamy» peýdalanylar. Sanawyň başynda orun alan iň gowy sekiz klub pleý-off tapgyryna awtomatiki ýagdaýda çykar. 9-njydan 24-njä çenli ýerleri eýelän toparlar öz aralarynda iki oýun oýnarlar we 1/8 finala gatnaşjak ýene sekiz toparyň arasynda bolmak üçin bäsleşerler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir