"Al-Nasr" saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmedi. Ol penalti tapgyrynda BAE-niň "Al-Aýn" toparyndan utuldy. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji oýun BAE-de geçirilip, "Al-Aýnyň" 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Jogap oýnunda "Al-Nasr" 4:3 hasabynda utup bildi, ýöne penalti tapgyrynda saudlylar ýeňlişe sezewar boldular (1:3). "Al-Nasryň" oýunçysy Kriştianu Ronaldu 118-nji minutda penaltiden gol geçirip tapawutlandy. Oýundan soňky penalti tapgyrynda Ronaldu "Al-Nasryň" urgyny üstünlikli ýerine ýetiren ýeke-täk oýunçysy boldy. Bu tapgyryň beýleki bir oýnunda Günorta Koreýanyň "Ulsan Hýonde" topary bu ýurtdan "Çonbuk Hýonde Motors" klubuny utdy. Oýun 1:0 hasabynda tamamlandy (birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlandy). Çarşenbe gününe geçilýän gije Karim Benzemanyň çykyş edýän "Al-Ittihady" Jiddadaky stadionynda ýarym finala çykmak üçin "Al-Hilýal" bilen oýnady. Bu toparlaryň arasyndaky birinji oýun "Al-Hilýalyň" 0:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Jogap duşuşykda hem "Al-Hilýal" 2:0 hasabynda utdy. 1/2 finala çykmak üçin iň soňky duşuşyk "Ýokogama F. Marinos" ýapon kluby bilen "Şandun Taýşan" hytaý toparynyň arasynda bolar. Birinji oýunda ýapon kluby üstün çykdy - 2:1.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir