Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Bişkekde geçirilýän Dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandylar. Toparlaýyn tapgyryň ikinji oýnunyň çäklerinde Türkmenistan 4:3 hasaby bilen Günorta Afrika Respublikasyndan üstün çykdy. 10-njy martda birinji oýunda türkmen hokkeýçileri şol hasap bilen Lýuksemburgdan asgyn geldiler. Şu gün, 13-nji martda Türkmenistan ýer eýeleri - Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Ikinji tapgyryň netijeleri: Türkmenistan - GAR — 4:3 (2:1, 1:1, 1:1); Meksika - Tailand — 0:5 (0:2, 0:1, 0:2); Lýuksemburg - Gyrgyzystan — 3:7 (0:3, 1:2, 2:2).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir